Türkmen halkynyñ taryhy, Oguz han eýýämi
Türkmen halkynyñ taryhy:
Oguz han eýýämi
(5,000 ỳyllyk Türkmen-Sumer gatnaşyklary)
Sumerliler kim?
Sumerliler dünýäde ilkinji gezek ýagny biziň eýýamymyzdan üç
müň ýyl öň Mezopotamiýada (häzirki Yrakda) ýazuwy oýlap tapmak
bilen, ynsanlaryň diliniň gepleýän we hakydalaryndan geçýän zatlary
beýleki ynsanlara ýetirmek hem-de soňraky nesillere galdyrmaklygyň
mümkinligini subut etdýärler.Hut şonuň üçin hem olara „adamzat
medeniýetiniň düýbüni tutujylar“ diýip baha berilýär. Sumerliler
ýazuwlaryny uwçly gurallar bilen çig kerpiçleriň ýüzüne basyp ýazyp
soň hem ol kerpiçleri bişiripdirler. Şeýle ýazylany sebäpli ýazuwyň
formasy dik we kese çüýlere meňzeş bolany üçin, alymlar oňa çüý
ýazuwy (Keilschrift) diýip at beripdirler, türkmen edebiýatynda bolsa
“pahna ýazuwy” diýilýär.
Geçen asryň başlaryndan Sumer ýazuwlary okalyp, onuň dürli
tekstleri häzirki zaman dilleriniň birnäçesine terjime edilipdir hemdde
ol diliň grammatikasydyr sözlükleri ýazylypdyr. Alymlar bu
tekstleriň mazmunyndan hem-de onyň dil, edebiýat we medeniýetiniň
umumy aýratynlyklaryndan, sumerlileriň gelip çykyşy hem olaryň
ilkinji ata watanlary hakynda örän manyly netijeler çykarypdyrlar. Bu
gün Sumeri öwreniji alymlaryň arasynda jedelsiz meselä öwrülen
hakykatlar şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Sumerlileriň dili Indo-German (Hindi-Ýewropa) dillerinede
samid dillerine-de degişli bolman eýsem, esasy Üral-Altaý
dillerinden ybarat bolan Agglutinativ (iltisaky) dil toparyna
degişilidir.
2. Sumerliler Mezopotamiýanyň ýerli halky bolman eýsem
bagşa bir, medeniýetiň dürli ugurlarynyň ösen ýurdundan ol ýerik
göçüp barypdyrlar.
3. Sumerlileriň ata watanlary Orta-Azýa (has anygyragy
Türkmenistan) bolup olar, biziň eýýamymyzdan öňki 4-nji
müňýyllygyň ikinji ýarymynda Hazar deňziniň günortasyndan
aýlanyp Mezopotamiýa (häzirki Yraga) baryp ýerleşipdirler.
Biz aşakda bu meseleleri has giňiräk hem dokumental
açyklamaga synanşarys.
Sumerlileriň ata watany.
1. Taryhy hakykatlar:
Sumerlileriň ata watanlarynyň Orta-Aziýa ýa-da has
anygyragy biziň örän gadymy topragymyz eziz Türkmenistan
bolandygy dogrusynda öňe sürülen ylmy açyklamalar gaty köp. Biz
bu ýerde olaryň bir näçesi bilen tanyş bolarys:
« Amerikaly geolog we arheolog Prof. Raphael PUMPELLY
(1837 – 1923), ilki Türküstanda 1864 – 1865 ỳyllardan başlap uzak
ỳyllar işleỳär we 1904-nji ỳylda bolsa Türkmenistanyň Aşgabat
şeherinden 5 km uzaklykdaky taryhy Änew şäheriniň kurganyny
gazỳar. Gazuwyň netijesini ;Exploration in Turkestan; atly kitabynda
neşir edỳär. Barlaglarynyň taryhy Änewdäki kurganda b.e.o. 6,000
ỳyla baryp ỳetỳär. Ol öz kitabynda Türkmenistanda bugdaỳ
ỳetişdirmegiň taryhy b.e.o. 8,000 ỳyla haỳwanlary ekdilemegiň
taryhy bolsa b.e.o. 6,800 – 8,000 ỳyllara baryp ỳetỳändigini
açyklaỳar.
Türkmenistanyň arhitektura we heỳkeltaraşlyk sungaty
Indi, bu sungatlaryň irki Türkmenistandaky yagdaỳy bilen,
alymlaryň bu ugurda ỳazan soňky işlerine esaslanmak arkaly tanyş
bolalyň. M. Mämmedow şeỳle ỳazỳar:
«Arheologik gazuw-agtaryş işleriň netijesinde Türkmenistanyň
territoriỳasy Gündogaryň iň bir gadymy medeni regỳony diỳip subut
edildi. Arheologik açyşlar biziň ỳurdumyzda bolup geçen
formasiỳalara, türkmen halkynyň medeniỳetiniň, şol sanda
arhitekturasynyň köklerine göz aỳlamaga mümkinçilik berdi.
Arheologlar tarapyndan açylan gadymy binalaryň galyndylary bize
türkmen arhitekturasynyň müňỳyllyklar dowamynda bolup geçen
ewolỳusỳasyny suratlandyrmaga mümkinçilik berỳär.
Biziň e. o. 6-njy müňỳyllykda (neolit zamanynda) gurlan, jeỳtun
medeniỳetine degişli bolan ỳaşaỳyş jaỳlaryna mahsus bolan häsiyeti
olaryň planlarynyň tertipsizligidir. Bu kiçiräk posỳoloklar bir otagly
gönüburçly şekilli ỳaşaỳyş jaỳlardan ybarat. Her otagda owal formaly
bir ojak bolupdyr. Bu otaglaryň diwarlary saman garylan palçykdan
ỳasalan kerpiçlerden örülipdir we toỳun bilen suwalypdyr. Jeỳtun
medeniỳetine degişli bolan ỳadygärlikleriň arasynda Gökdepe
töwereginde ỳerleşỳän Pessejikdepe ady bilen belli ỳadygärlikler ünsi
özüne çekỳär
Türkmenistanda ilkinji ỳazuwyň yzlary
«Jemgiýet strukturasynyň özgermegi bilen çygry örän giňelen
maglumatlary bellige alyp saklanmalydy. Bu mesele bolsa, bu
gazanylan bilimleri özünde saklap bilmek üçin ynamly hem mynasyp
belgileri oýlap tapmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde
Altyndepäniň ýaşaýjylarynyň belli bir ýazuw sistemasyny ulanan
bolmaklary örän ähtimaldyr. Dogrudan-da, taňsykdan ýasalan aýal
heýkelleriniň ýüzüne gazylan bir näçe belgiler tapyldy. Bu belgileri,
biri-birine ylaýyk gelýän alty topara bölmek mümkindir. Olar
dowamly gaýtalanýar, her bir heýkelde aýry-aýry belgiler topary,
belli formalarda biri-birine baglanýar… birinji hatarda bir ýyldyz
belgisi bilen asmandaky bir hanym taňryny, gülläp oturan bir agajyň
pudagy bilen bolsa, belli ösümlikleriň ýa-da bugdaýyň goraýjy
taňrysyny suratlandyrylan bolmalydyr. Bu belgileriň bir näçesi
protoilam (Ilam ýazuwynyň aňyrsy) piktografiýasynda-da gabat
gelýär.
Tapylan ýeketäk nusga bolan bir möhüriň ýüzünde bolsa
protohind (Hind ýazuwynyň aňyrsy) ýazuw sistemasyna degişlidigi
açyk belli bolýan belgiler bar. sowet alymlarynyň Ý. V. knorozowyň
ýolbaşçylygynda, protohind tekstlerini ýüze çykarmakda ulanylan
metodlar bilen derňänimizde, Altyndepeden tapylan bu ýazuwy “belli
bir uly hanym ýa erkek taňryny aňladýar” diýip ýrup bileris…
1. Günorta Türkmenistandan tapylan belgiler
2. Ilamdan öňki ỳazuw belgileri
3. Irki Summer ỳazuw belgileri
4. Hindistandaky Harappadan tapylan belgiler
Biz ỳokarda, hem sumerlileriň döwründäki
Mezopotamỳa hem-de biziň iňňän gadymy watanymyz bolan
Türkmenistanyň şol döwre degişli arhitektura we heỳkeltaraşlyk
medeniỳetiniň aỳratynlyklary bilen tanyş bolduk.
Gilgamyş, Oguzhan we Göroglynyň şahsyýatlary
Azerbeýjan alymy Kamil Weliew özüniň „Iliň ýaddaşy, diliň
ýaddaşy“ atly eserinde şeýle ýazýar: «Sumer gahrymany Gilgamyşyň
enesi ;Nin-Sun; atly bir ene-taňrydy. Onuň göwresiniň üçden-ikisi
taňry, üçden-biri bolsa ynsan etindendi. Oguz hanyň enesi hem
;Aýhan; atly bir ene-taňry hasap edilýärdi.»50
Korkut-Ata dessanyndaky ;Depegöz;üň hem enesi bir peridir.
Umuman türkmen ertekilerinde peri bilen ynsan arasyndaky öýlenme
gatnaşygy köp gabat gelýär. Bu Sumer dessanlarynda hem şeýledir.
Umumy türk mifologiỳasynda bahar baỳramy
Oguzhan güni
«Oguz güni hakynda Jame-ott-tawaryh atly eserde şeỳle
maglumatlar bar: Türkleriň aňyrsy Ỳafes Ibn-i Nuhdan gaỳdỳar. Olar
gündogara gitdiler. Bu göcüň netijesinde Ỳafesiň ady Abulje ya hut
Abulbeje diỳit üỳtgedildi. Inanç şäherine ỳakyn bolan ;Oratag; we;Kurtag; ỳurtlaryny ỳaỳlak hem- de Ỳursak, Gagian, Garagum,
Talas we Karaseỳni bolsa gyşlak üçin begenledi. Abulje hanyň Dip
Bakuỳ adynda bir ogly boldy ... Dip Bakoỳuň dört ogly bardy.
Garahanyň bir ogly boldy, adyna Oguzhan goỳdular. Oguzuň dünỳa
inen güni gül-çiçekler, agaçlar we bütin ỳer ỳüzi täze bir ỳaşaỳyşa
başlady. Bir näçe ỳyl şondan soň edil şol möwsümde Oguzhan öz
duşmanlaryny ỳeňip Talas şäherinden Buhara çenli baryp ỳetỳän
ỳurtlary aldy. Şol günüň hatyrasy üçin uly toỳ dabarasyny geçirip oňa
;Oguz güni; we ỳahut ;Ỳeni gün; diỳip at berdiler.»
Hunlarda bahar baỳramy
Sumerlileriňkä meňzeş bahar baỳramyň Hunlaryň arasynda-da
bolandygy hakynda şeỳle maglumatlar bar: «Hytaỳ çeşmelerinde Hun
medeniỳetinden gürrüň edilende, her ỳylyň başynda geçirilỳän dini
dabaralar hakynda-da durup geçilỳär. Bu dabara Hunlaryň 24
taỳpasynyň hanlary gatnaşỳarlar, şonuň ỳaly hem ỳylyň 5-nji aỳyndada
Lung-Çeng şäherinde ỳygnanyp Gök taňry hem-de Ỳer-suw
ruhlarynyň ỳoluna janly aỳdyp sadaka bererdiler. Beỳik hakan her
gün irden çadyryndan çykyp güne, gijeler bolsa aỳa çokunardy.»
4. Göktürklerde bahar baỳramy
Türk dünỳäsiniň iň belli dessanlaryndan biri hasaplanỳan
Ergenekon dessanyna görä Göktürkler duşmanlarynyň tarapyndan
gaty elhenç ỳagdaỳda gyrylanlaryndan soň, gaty az sanly galanlary
bir ỳerik ỳygnanyp şeỳle karara gelỳärler: «Ỳurdumyza dolanaly
diỳsek töweregimizdäki ähli taỳpalar bize ỳagy, iň gowusy daglaryň
arasynda kisäniň ỳoly düşmejek bir ỳer tapmaly. Olar bu karara
ỳetenlerinden soň sürülerini daga sürüp gitdiler. Ahyr soňy bir ỳerik
baryp ỳetdiler. Özleriniň gelen ỳollaryndan başga ỳol ol ỳerik
barmaỳardy, ol ỳol hem şeỳle bir bekdi welin diňe at bilen düỳe
zordan geçip bilỳärdi. Bu bek daglaryň ortasyndaky giň tekizligiň
bolsa çägine göz ỳetmeỳärdi.
Ergenekondan çykanlarynda Göktürkleriň uly hakany Gaỳy
urugundan bolan Börteçine, ähli illere ilçi iberip özleriniň daglardan
çykandyklaryny habar berdiler. Ähli iller muny eşiden badyna olara
baş egip uly Türk Kagany Börteçinä sylag-hurmat etdiler. Duşmanlar
bolsa munuň tersine söweşe girdiler. Göktürkler üstün çykdylar.
Şeỳlelik bilen olar 450 ỳyldan soň Ata Watanlaryna eỳe bolmak
bilen, öňkileri ỳaly dünỳäniň iň uly ulusyna öwrüldiler…»
Tüweleme Oguzhan atamyzyn taryhyny yazanňyz uçin m'nnetdar atmin
YanıtlaSilTaryhymyzy owrenmek bizin borjmz yenede şeydip yazmagnz hayş edyarin
YanıtlaSil