Türkmen halkynyñ taryhy, Oguz han eýýämi

Türkmen halkynyñ taryhy:
Oguz han eýýämi 
 (5,000 ỳyllyk Türkmen-Sumer gatnaşyklary)








                                                                           
Sumerliler kim?
Sumerliler dünýäde ilkinji gezek ýagny biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl öň Mezopotamiýada (häzirki Yrakda) ýazuwy oýlap tapmak bilen, ynsanlaryň diliniň gepleýän we hakydalaryndan geçýän zatlary beýleki ynsanlara ýetirmek hem-de soňraky nesillere galdyrmaklygyň mümkinligini subut etdýärler.Hut şonuň üçin hem olara „adamzat medeniýetiniň düýbüni tutujylar“ diýip baha berilýär. Sumerliler ýazuwlaryny uwçly gurallar bilen çig kerpiçleriň ýüzüne basyp ýazyp soň hem ol kerpiçleri bişiripdirler. Şeýle ýazylany sebäpli ýazuwyň formasy dik we kese çüýlere meňzeş bolany üçin, alymlar oňa çüý ýazuwy (Keilschrift) diýip at beripdirler, türkmen edebiýatynda bolsa “pahna ýazuwy” diýilýär. 
           Geçen asryň başlaryndan Sumer ýazuwlary okalyp, onuň dürli tekstleri häzirki zaman dilleriniň birnäçesine terjime edilipdir hemdde ol diliň grammatikasydyr sözlükleri ýazylypdyr. Alymlar bu tekstleriň mazmunyndan hem-de onyň dil, edebiýat we medeniýetiniň umumy aýratynlyklaryndan, sumerlileriň gelip çykyşy hem olaryň ilkinji ata watanlary hakynda örän manyly netijeler çykarypdyrlar. Bu gün Sumeri öwreniji alymlaryň arasynda jedelsiz meselä öwrülen hakykatlar şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1. Sumerlileriň dili Indo-German (Hindi-Ýewropa) dillerinede samid dillerine-de degişli bolman eýsem, esasy Üral-Altaý dillerinden ybarat bolan Agglutinativ (iltisaky) dil toparyna degişilidir. 2. Sumerliler Mezopotamiýanyň ýerli halky bolman eýsem bagşa bir, medeniýetiň dürli ugurlarynyň ösen ýurdundan ol ýerik göçüp barypdyrlar. 3. Sumerlileriň ata watanlary Orta-Azýa (has anygyragy Türkmenistan) bolup olar, biziň eýýamymyzdan öňki 4-nji müňýyllygyň ikinji ýarymynda Hazar deňziniň günortasyndan aýlanyp Mezopotamiýa (häzirki Yraga) baryp ýerleşipdirler. Biz aşakda bu meseleleri has giňiräk hem dokumental açyklamaga synanşarys.

Sumerlileriň ata watany.
1. Taryhy hakykatlar:
 Sumerlileriň ata watanlarynyň Orta-Aziýa ýa-da has anygyragy biziň örän gadymy topragymyz eziz Türkmenistan bolandygy dogrusynda öňe sürülen ylmy açyklamalar gaty köp. Biz bu ýerde olaryň bir näçesi bilen tanyş bolarys: « Amerikaly geolog we arheolog Prof. Raphael PUMPELLY (1837 – 1923), ilki Türküstanda 1864 – 1865 ỳyllardan başlap uzak ỳyllar işleỳär we 1904-nji ỳylda bolsa Türkmenistanyň Aşgabat şeherinden 5 km uzaklykdaky taryhy Änew şäheriniň kurganyny gazỳar. Gazuwyň netijesini ;Exploration in Turkestan; atly kitabynda neşir edỳär. Barlaglarynyň taryhy Änewdäki kurganda b.e.o. 6,000 ỳyla baryp ỳetỳär. Ol öz kitabynda Türkmenistanda bugdaỳ ỳetişdirmegiň taryhy b.e.o. 8,000 ỳyla haỳwanlary ekdilemegiň taryhy bolsa b.e.o. 6,800 – 8,000 ỳyllara baryp ỳetỳändigini açyklaỳar.

 Türkmenistanyň arhitektura we heỳkeltaraşlyk sungaty

Indi, bu sungatlaryň irki Türkmenistandaky yagdaỳy bilen, alymlaryň bu ugurda ỳazan soňky işlerine esaslanmak arkaly tanyş bolalyň. M. Mämmedow şeỳle ỳazỳar: «Arheologik gazuw-agtaryş işleriň netijesinde Türkmenistanyň territoriỳasy Gündogaryň iň bir gadymy medeni regỳony diỳip subut edildi. Arheologik açyşlar biziň ỳurdumyzda bolup geçen formasiỳalara, türkmen halkynyň medeniỳetiniň, şol sanda arhitekturasynyň köklerine göz aỳlamaga mümkinçilik berdi. Arheologlar tarapyndan açylan gadymy binalaryň galyndylary bize türkmen arhitekturasynyň müňỳyllyklar dowamynda bolup geçen ewolỳusỳasyny suratlandyrmaga mümkinçilik berỳär. Biziň e. o. 6-njy müňỳyllykda (neolit zamanynda) gurlan, jeỳtun medeniỳetine degişli bolan ỳaşaỳyş jaỳlaryna mahsus bolan häsiyeti olaryň planlarynyň tertipsizligidir. Bu kiçiräk posỳoloklar bir otagly gönüburçly şekilli ỳaşaỳyş jaỳlardan ybarat. Her otagda owal formaly bir ojak bolupdyr. Bu otaglaryň diwarlary saman garylan palçykdan ỳasalan kerpiçlerden örülipdir we toỳun bilen suwalypdyr. Jeỳtun medeniỳetine degişli bolan ỳadygärlikleriň arasynda Gökdepe töwereginde ỳerleşỳän Pessejikdepe ady bilen belli ỳadygärlikler ünsi özüne çekỳär

Türkmenistanda ilkinji ỳazuwyň yzlary
«Jemgiýet strukturasynyň özgermegi bilen çygry örän giňelen maglumatlary bellige alyp saklanmalydy. Bu mesele bolsa, bu gazanylan bilimleri özünde saklap bilmek üçin ynamly hem mynasyp belgileri oýlap tapmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde Altyndepäniň ýaşaýjylarynyň belli bir ýazuw sistemasyny ulanan bolmaklary örän ähtimaldyr. Dogrudan-da, taňsykdan ýasalan aýal heýkelleriniň ýüzüne gazylan bir näçe belgiler tapyldy. Bu belgileri, biri-birine ylaýyk gelýän alty topara bölmek mümkindir. Olar dowamly gaýtalanýar, her bir heýkelde aýry-aýry belgiler topary, belli formalarda biri-birine baglanýar… birinji hatarda bir ýyldyz belgisi bilen asmandaky bir hanym taňryny, gülläp oturan bir agajyň pudagy bilen bolsa, belli ösümlikleriň ýa-da bugdaýyň goraýjy taňrysyny suratlandyrylan bolmalydyr. Bu belgileriň bir näçesi protoilam (Ilam ýazuwynyň aňyrsy) piktografiýasynda-da gabat gelýär.
      Tapylan ýeketäk nusga bolan bir möhüriň ýüzünde bolsa protohind (Hind ýazuwynyň aňyrsy) ýazuw sistemasyna degişlidigi açyk belli bolýan belgiler bar. sowet alymlarynyň Ý. V. knorozowyň ýolbaşçylygynda, protohind tekstlerini ýüze çykarmakda ulanylan metodlar bilen derňänimizde, Altyndepeden tapylan bu ýazuwy “belli bir uly hanym ýa erkek taňryny aňladýar” diýip ýrup bileris…



1. Günorta Türkmenistandan tapylan belgiler
 2. Ilamdan öňki ỳazuw belgileri
 3. Irki Summer ỳazuw belgileri
 4. Hindistandaky Harappadan tapylan belgiler 

Biz ỳokarda, hem sumerlileriň döwründäki Mezopotamỳa hem-de biziň iňňän gadymy watanymyz bolan Türkmenistanyň şol döwre degişli arhitektura we heỳkeltaraşlyk medeniỳetiniň aỳratynlyklary bilen tanyş bolduk.


Gilgamyş, Oguzhan we Göroglynyň şahsyýatlary
Azerbeýjan alymy Kamil Weliew özüniň „Iliň ýaddaşy, diliň ýaddaşy“ atly eserinde şeýle ýazýar: «Sumer gahrymany Gilgamyşyň enesi ;Nin-Sun; atly bir ene-taňrydy. Onuň göwresiniň üçden-ikisi taňry, üçden-biri bolsa ynsan etindendi. Oguz hanyň enesi hem ;Aýhan; atly bir ene-taňry hasap edilýärdi.»50 Korkut-Ata dessanyndaky ;Depegöz;üň hem enesi bir peridir. Umuman türkmen ertekilerinde peri bilen ynsan arasyndaky öýlenme gatnaşygy köp gabat gelýär. Bu Sumer dessanlarynda hem şeýledir. 

Umumy türk mifologiỳasynda bahar baỳramy 

Oguzhan güni
 «Oguz güni hakynda Jame-ott-tawaryh atly eserde şeỳle maglumatlar bar: Türkleriň aňyrsy Ỳafes Ibn-i Nuhdan gaỳdỳar. Olar gündogara gitdiler. Bu göcüň netijesinde Ỳafesiň ady Abulje ya hut Abulbeje diỳit üỳtgedildi. Inanç şäherine ỳakyn bolan ;Oratag; we;Kurtag; ỳurtlaryny ỳaỳlak hem- de Ỳursak, Gagian, Garagum, Talas we Karaseỳni bolsa gyşlak üçin begenledi. Abulje hanyň Dip Bakuỳ adynda bir ogly boldy ... Dip Bakoỳuň dört ogly bardy. Garahanyň bir ogly boldy, adyna Oguzhan goỳdular. Oguzuň dünỳa inen güni gül-çiçekler, agaçlar we bütin ỳer ỳüzi täze bir ỳaşaỳyşa başlady. Bir näçe ỳyl şondan soň edil şol möwsümde Oguzhan öz duşmanlaryny ỳeňip Talas şäherinden Buhara çenli baryp ỳetỳän ỳurtlary aldy. Şol günüň hatyrasy üçin uly toỳ dabarasyny geçirip oňa ;Oguz güni; we ỳahut ;Ỳeni gün; diỳip at berdiler.» 

 Hunlarda bahar baỳramy 

Sumerlileriňkä meňzeş bahar baỳramyň Hunlaryň arasynda-da bolandygy hakynda şeỳle maglumatlar bar: «Hytaỳ çeşmelerinde Hun medeniỳetinden gürrüň edilende, her ỳylyň başynda geçirilỳän dini dabaralar hakynda-da durup geçilỳär. Bu dabara Hunlaryň 24 taỳpasynyň hanlary gatnaşỳarlar, şonuň ỳaly hem ỳylyň 5-nji aỳyndada Lung-Çeng şäherinde ỳygnanyp Gök taňry hem-de Ỳer-suw ruhlarynyň ỳoluna janly aỳdyp sadaka bererdiler. Beỳik hakan her gün irden çadyryndan çykyp güne, gijeler bolsa aỳa çokunardy.»

4. Göktürklerde bahar baỳramy

Türk dünỳäsiniň iň belli dessanlaryndan biri hasaplanỳan Ergenekon dessanyna görä Göktürkler duşmanlarynyň tarapyndan gaty elhenç ỳagdaỳda gyrylanlaryndan soň, gaty az sanly galanlary bir ỳerik ỳygnanyp şeỳle karara gelỳärler: «Ỳurdumyza dolanaly diỳsek töweregimizdäki ähli taỳpalar bize ỳagy, iň gowusy daglaryň arasynda kisäniň ỳoly düşmejek bir ỳer tapmaly. Olar bu karara ỳetenlerinden soň sürülerini daga sürüp gitdiler. Ahyr soňy bir ỳerik baryp ỳetdiler. Özleriniň gelen ỳollaryndan başga ỳol ol ỳerik barmaỳardy, ol ỳol hem şeỳle bir bekdi welin diňe at bilen düỳe zordan geçip bilỳärdi. Bu bek daglaryň ortasyndaky giň tekizligiň bolsa çägine göz ỳetmeỳärdi. 
        Ergenekondan çykanlarynda Göktürkleriň uly hakany Gaỳy urugundan bolan Börteçine, ähli illere ilçi iberip özleriniň daglardan çykandyklaryny habar berdiler. Ähli iller muny eşiden badyna olara baş egip uly Türk Kagany Börteçinä sylag-hurmat etdiler. Duşmanlar bolsa munuň tersine söweşe girdiler. Göktürkler üstün çykdylar. Şeỳlelik bilen olar 450 ỳyldan soň Ata Watanlaryna eỳe bolmak bilen, öňkileri ỳaly dünỳäniň iň uly ulusyna öwrüldiler…»




Share this:

CONVERSATION

2 yorum:

  1. Tüweleme Oguzhan atamyzyn taryhyny yazanňyz uçin m'nnetdar atmin

    YanıtlaSil
  2. Taryhymyzy owrenmek bizin borjmz yenede şeydip yazmagnz hayş edyarin

    YanıtlaSil

Blogger tarafından desteklenmektedir.