Turk dünyasynda Nowruz Bayramy

Türk  Döwletlerinde Nowruz Bayramy 

Türkmenistanda  Nowruz Baýramy
Türkmenistanyň ylym adamlarynyň aýtmagyna  görä Nowruz, Türkmenler arasynda 5 müň ýyldan bäri gutlanyp gelýär. Klassyk Türkmen  goşgylarynda we aýdymlarynda Nowruzyň uly ýeri bardyr, Türkmenlerde uzak wagytlap "Çarwa Nowruz "diýipdirler, Nowruz baýramy 21 Mart günü we o gün Türkmenleriň Täze Ýyl Baýramydyr. Nowruz Türkmenleriňde Milli baýarmydyr. Türkmenler Täze Ýylyň Ilkinji gününe 21 Mart Nowruz diýerler, Nowruz baýarmyna 1 hepde öňinden taýýarlyga başlanýar.

            Nowruz baýramynda dürli tagamlar bişirilýär olarda kä birleri: " Semeni,Türkmen Çöregi,  Petir, Gatlam, Çelpek, Külçe, Ýagly Börek, Pişme, Türkmen Palowy, Gowurdak..." Esasanda Semeni Nowruz baýramynyň Tagamly Naharydyr.
    Bu suratda da görişiňiz ýaly Semeni Türkmen saçagyny bezeýär.
 Türkmenlerde Nowruz baýramyny Gazak, Gyrgyz, Özbek  we beýleki Türkmen Taýpalarynda etkinlikler edilişi (gurnalyşy) ýaly Türkmenler hem gurnalyýar. 
 Olardan kä birleri:"Türkmen Göreşi, Baýdak Aldy, At Ýaryşlary, It Uruşlary, Horaz Uruşlary, Bagşylar aýdym aýtma,".


                                                        At Oýunlary

Ýüp Oýunlary .
Türkmen Göreşi


           Zenanlarymyz "Monjuk Atdy, Läle Kakma, Yhhymmyl, Gopuz Çalma,....".
monjukatdylardan 2 top gysgaça.
      Ol gelýän hanym bolsun!                      
Gyrmyz don ýarym bolsun!
Başynda garaköli
Gara ädik ýarym bolsun!
      Nowruz geldi bu gije
Bije atarlar gije
Kimiň bijesi çyksa
Baýragy horaz-jüýje.

        Azeri Türkmenlerinde Nowruz Bayramy  Gysgaça :
    Azerbeýjanda Türk dünýasynyň iň möhüm baýramlarynyň birisi Nowruz (Bahar) baýramydyr.
Nowruz baýramy her ýyl joşgunlyk b'len gutlanylýar, Paýtagty Bakuwda taryhy Gyzlar galasynyň öňide has hem uly dabara bilen gutlanýar.
    Nowruz guylamasyna bir aý öňinden başlaýan Azerbeýjanlar  suw, at, şemal  we toprak çarşembesi günleri hem uly joşgunly dabaraly derejede gutlaýarlar. Baýaramda uly otlar ýakylýar we goňşylarynyň gapysyna "papak atma ","Semeni ýetişdirme",



 oduň üsdiden atlan wagytlary "Agylygym ugurlygym otde galsyn " diýip atlaýarlar.


Gyrgyz Türklerinde Nowruz :
Halk muny "nooruz" diýip aýdypdyrlar. Nooruz "Täze Gün" diýmekdir. Gyrgyzlar munuň bilen birlikde "jany kün" sözünüde ulanýarlar. Nowruz baýramy beýleki Türkmenlerde buluşy ýaly Gazak  Türkmenlerde hem uly joşgunly gutlanýar. Ýüzlerçe  ýyl bar bolan bu ynanç ne zamandan bäri barlygyna hakyky elimizde bilgi yok. Ýön Hytaý Imparatorlygynyň irki zamanda ýazylan bir kitapda bu gelenegiň (baýramyň) 581-618 ýyllarda bar boldygyny bilýäris.
      Gyrgyzlarda bir ýylda 12 aý bardyr we ýyl mart aýy bilen başlar. Bu aýa Gyrgyzlar "Çalgan Kuran " adyny beripdirler. Gyrgyzlarda Bahar aýynyň ady"Beştogool" dyr. Baýarmçylygy şeýle gutlaýarlar, Bugün hemme işler goýular, Hemme kişi açyk reňkde eşikler geýer , dürlü dürlü naharlar bişirerler, ýedi gazanda ýedi görnüşde naharlar bişiriler. Baýram günü oynlar oýnalar olaryň atlary"Ak çölmek ","Atyň Üsdinde oýnalýan Gyz Kumaýy" we ş.m.



Ynsanlar bir birlerne  ýaşyl ýaprak, ot we gül swgat etýärler.
     




Share this:

CONVERSATION

3 yorum:

  1. Çok güzel olmuş kardeşim ellerine saglik yine de Türkmenistan hakkında yeni yeni güzel bilgileri yayinlamayini bekleriz

    YanıtlaSil
  2. çok tesekkur ederiz devamymyna garaşyasss:)))

    YanıtlaSil
  3. Tüweleme gowy bolupdyr yazanlarnyza hergun seretyan gowy yazylypdyr başgada bayramlarmyzy we taryhymyzy giňden ýazsaňyz has gowy bolar eliňize saglyk :))

    YanıtlaSil

Blogger tarafından desteklenmektedir.